Добавить новость
World News





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Garşy şäherinde müňlerçe sagdyn agaçlary gopardylar. Muňa garşylyk bildirip, ýerli ýaşaýjylar goparylan agaçlar bilen ýoly bagladylar

 


Özbegistanyň Kaşgaderýa welaýatynyň merkezi Garşy şäheriniň Buýuk Turon mähellesinden, 200 töweregi ýaşaýjy ýaşyl zolakdan goparylan agaçlar bilen howa menziline barýan ýoly petikledi. Şeýle hereket bilen olar şäher häkimliginiň 12 gektar meýdanda ösüp oturan miweleri we bezeg agaçlaryny ýok etmek we olaryň ýerine senagat zolagyny döretmek meýilnamasyna garşylyk bildirdiler.


Şaýatlaryň sözlerine görä, şäher häkimi, Içeri işler müdirliginiň başlygy hem-de wakanyň bolan ýerine gelen ýigrimiden gowrak kanun goraýjy işgär demonstrantlara basyş edip, ýoly arassalamagy talap etdiler. Olar demonstrantlaryň arasyndan berk garşylyk bildiren üç aýaly polisiýa bölümine alyp gitdiler.


Azatlyk Radiosynyň çeşmesine görä, wakanyň bolan ýerine gelen kanun goraýjylar toplanan adamlaryň dargamagyny talap edipdirler, hatda protest çäresine gatnaşan garrylary gödek söz bilen kemsidipdirler. Bolýan zatlary surata düşürýänlerden jübi telefonlaryny alypdyrlar.


Otuz ýyl mundan ozal abadanlaşdyrmak üçin şäher ýaşaýjylaryna berlen bu taşlandy ýerde ýerli ýaşaýjylar tarapyndan 100 müň düýpden gowrak agaç oturdyldy. Bu bagyň arkasyndan birnäçe müň maşgala eklenç gazandy.


Ýatlatsak, geçen ýylyň 27-nji dekabrynda Garşy şäherindäki Buýuk Turon mähellesiniň 250 töweregi ýaşaýjysy, şol sanda ellerinde benzin çüýşeleri bolan 20 töweregi aýal bagyň çapylmagyny togtatmak üçin proteste çykdylar.


Garşy şäherinden bolan ýaş ýigit adynyň aýdylmazlygyny haýyş edip, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi.


– Şäher häkimliginiň wekilleri müňden gowrak miweli agaçlarymyzy köki bilen gopardylar. Aslynda çöl ýerde döredilen bagy ýok etdiler. Bu ýeri ýaşyl zolaga öwüsmek üçin, 25-30 ýyl töweregi wagt gitdi. Traktor bilen goparylan agaçlary gören adamlar gaty haýran galyp, hatda käbir garrylar gözýaşlaryny saklap bilmediler. Olar goparylan agaçlary ýygnap, uly ýolda üýşürip başladylar. Bir sagadyň dowamynda, ýol doly ýapyldy, iki tarapda-da awtoulaglaryň hereketi kesildi. Polisiýa işgärleri we şäher häkimi muny eşidip, derrew wakanyň bolan ýerine geldiler. Organ işgärleri adamlara hapa sögüp, olary kemsidip başladyrlar – diýip, ol ýigit aýdýar.


Onuň sözüne görä, şäher häkimligi haýsydyr bir resmi dokument bilen bagy ýok etmek kararyny subut edip bilmändir.


– Şu wagta çenli bize ýekeje resmi dokument hem görkezilmedi. Döwlet ekologiýa komitetiniň wekilleri gelip, agaçlary sanadylar hem surata düşürdiler. Olar agaçlaryň çapylmagy barada rugsat berilmedigini aýtdylar. «Dogrusyny aýtsak, bu bag barada biziň elimizde hem resmi dokument ýok» diýdiler. Otuz ýyl ozal bu taşlanan ýerdi. Şol döwürde bu ýeri özleşdirmek üçin adamlara berdiler. Ýerli ýaşaýjylar ol ýerde agaç oturtdylar, agaçlaryň arasyna bolsa dürli gök önümleri ekdiler. Çölde agaç ösdürip ýetişdirmek aňsatmy? Häkimiýetler senagat zolagyny gurmak üçin, başga bir ýer tapyp bilmedimi? Başga-da müň gektar boş ýer bar ahyryn. Näme üçin ol ýerde senagat zolagyny gurmaýarlar? Näme üçin halkyň agzyndan iň soňky nanyny alarýarlar? – diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi zeýrenýär.


Şaýatlaryň sözlerine görä, kanun goraýjy edaranyň işgärleri demonstrantçylaryň arasyndan, adalaty berk talap eden üç aýaly bölüme alyp gidipdirler. Soňra Azatlygyň çeşmeleriniň habaryna görä, ol üç aýaldan diňe birini saklap galypdyrlar. Ol çagasy bilen ýeke ýaşaýan Maşhura Sadykowa bolmaly, beýleki iki aýaldan düşündiriş alyp, öýüne goýberilipdir.


Maşhura Sadykowany "ownuk huligançylykda" aýyplan kazyýet oňa dört gün administratiw tussaglyk berýär. Mundan öň Azatlyk Radiosy Maşhura Sadykowanyň şuňa meňzeş jenaýat üçin, 10 gün tussag edilendigini habar beripdi.


Özbegistanyň Döwlet ekologiýa we daşky gurşawy goramak komitetiniň Kaşgaderýa welaýat bölüminiň başlygy Ganişer Ibragimow Azatlyk Radiosyna Buýuk Turon mähellesindäki baglary çapmaga rugsat bermändigini aýtdy.


– Baglary çapmaga biz rugsat bermedik. Biz bu barada hiç hili duýduryş hem almadyk. Emma agaçlar goparylypdyr. Bilermenlerimiz şäher gözegçilik gullugyna baryp, zerur resminamalary dolduryp, şäher prokuraturasyna tabşyrdylar. Bu ýagdaý barada degişli çäre görler, agaçlary ýok etmäge razylyk almandygy üçin, olara jerime salnar, biz oňa rugsat bermedik ahyryn. Aýdyşlaryna görä, bagyň ornundan proýekte laýyklykda, uly senagat zonasyny gurmak göz öňünde tutulýarmyş. Häzirki wagtda bu mesele ýokary guramalar tarapyndan seredilýär, ýöne biz şu wagta çenli hiç hili resmi maglumat almadyk – diýip, Döwlet ekologiýa komitetiniň welaýat bölüminiň başlygy aýdýar.


Garşy şäher häkimliginiň metbugat gullugynyň başlygy Umid Jabbarow agaçlaryň ýok edilendigi baradaky maglumaty tassyklasa-da, munuň ähli jikme-jikliklerini bilmeýändigini aýtdy. Azatlygyň žurnalistiniň şäher häkimi bilen baglanyşdyrmak haýyşyny welin jogapsyz galdyrdy.


Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net