Parlament jogapkärçilige çekilmezlik hukugyny ýatyrandan soň, Atambaýew gyrgyz prezidentini tankytlaýar
Ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň feýsbukda ýerleşdirilen beýanatynda parlamentiň ses berişligi “syýasy sebäpli” diýlip häsiýetlendirilýär. Şeýle-de Atambaýew “Jeenbekowyň özüni gaplaşdyrylan aýyplamalar bilen türmä basyp, öz esasy syýasy garşydaşyndan dynmak isleýändigini” aýdýar.
Atambaýew öz mertebesini we namysyny gorajakdygyny aýdyp, beýanatynda öz arassa at-abraýyna garşy hüjümlerde “bir ýyldan gowrak wagt içinde iň hapa usullaryň, iň hapa syýasatçylaryň we iň hapa gybatlaryň ulanylandygyny” öňe sürdi.
Gyrgyz kanun çykaryjylary 20-nji iýunda Atambaýewi kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hukugyndan mahrum etmek baradaky karary tassykladylar. Bu çäre Atambaýewiň prezident wagtynda öz wezipesini bikanun peýdalanandygy barada aýdylýanlar arasynda görüldi.