Demirgazyk Koreýanyň Tramp bilen şowsuz sammit zerarly 'arassalaýyş' geçirýändigi habar berilýär
Wekil Kim Hyok Çol we Daşary işler ministrliginiň ady bilinmýeän dört işgäri baryp mart aýynda, Phenýanyň Mirim aeroportunda Birleşen Ştatlaryň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp jezalandyryldy.
Bu habar Günorta Koreýanyň “Chosun Ilbo” gazeti tarapyndan ýaýradyldy.
Gazet ady aýdylmadyk demirgazyk koreýaly çeşmä salgylanýar.
"[Kim Hyok Çol] ABŞ-nyň niýetlerine gereginçe düşünmän, gepleşikler barada ýeterlik habar bermezlik bilen bagly ABŞ-nyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplandy.
Mundan başga, ýadro gepleşiklerinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň kärdeşi bolan Kim Ýong Çol ýurduň demirgazyk bölegindäki “täzeden terbiýeleýiş” lagerine sürgün edildi diýip, gazet habar berýär.