Daşkentde ýaş türkmen futbolçylary Eýranyň komandasy bilen duşuşýar
Türkmenistanyň ýaş futbolçylarynyň çempionatdaky birinji oýnunyň şowsuz bolup, olaryň Özbegistanyň komandasyndan 1:4 hasap bilen utulandygyny hökümete ýakyn Turkmenportal neşri habar berýär.
Maglumata görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaş futbolçylarynyň birinji duşuşygy 22-nji iýulda Daşkentiň milli stadionynda 123 tomaşaçynyň gatnaşmagynda bolupdyr. Alty sany komandanyň gatnaşmagynda 15 ýaşyna ýetmedik futbolçylaryň arasynda geçirilýän bu ýaryşda Türkmenistanyň komandasy Batyr Şihiýewiň goly astynda çykyş edýär.
“CAFA U-15” çempionaty 30-njy iýulda tamamlanar.