Tramp Owganystanda uruş jenaýatlarynda aýyplanýan ABŞ-nyň iki ofiseriniň günäsini geçdi
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Owganystanda uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplanýan ABŞ-nyň iki ofiseriniň günäsini geçdi. Bu kararyň tankytçylary munuň ýurduň harby pudagyndaky adalat ulgamyna zarba urýandygyny aýdýarlar.
Şeýle-de, 15-nji noýabrda Tramp Yrakdaky hereketleri üçin harby çini peseldilen deňiz pyýada goşunlarynyň wzwod serkerdesiniň çinini dikeltdi.
The Washington Post neşiriniň maglumatyna görä, Pentagonyň liderleri prezidentiň bu işlere goşulmagy netijesinde harby düzgün-tertibe ýaramaz täsiriň ýetip biljekdigine alada bildiripdiler.
The Post we The New York Times neşirleri goranmak sekretary Mark Esperiň we Armiýa sekretary Rýan MakKartiniň (Ryan McCarthy) soňky günleriň dowamynda Tramp bilen habarlaşyp, gürrüňi gidýän ýokary derejeli işlere goşulmazlygyny sorandyklary barada habar berýärler.
Mundan öň, Tramp özüniň Twitter hasabynda: “Biz oglanlarymyzy ajal maşyny edip türgenleşdirýäris. Haçanda olar öldürenlerinde, biz olary jezalandyrýarys” diýip, ýazgy galdyrdy.