Owgan polisiýasyny nyşana alan awtoulag partlamasy azyndan 12 adamy öldürdi
Içeri işler ministrliginiň beren habaryna görä, merkezi Owganystandaky polisiýa merkeziniň daşynda bolan ulag partlamasy azyndan 12 adamyň ölmegine, gigrimiden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian 18-nji oktýabrda, ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Gor welaýatynyň paýtagty Firoz Kohda ýerleşýän polisiýa merkeziniň daşynda partlaýjy madda goýlan ulagyň ýarylandygyny aýtdy. Arian bu wakany "terrorçylykly hüjüm" diýip häsiýetlendirdi, ýöne has anyk maglumat bermekden saklandy. Читать дальше...