Gürji parlamentiniň saýlaw reformasyny ret etmeginden soň, Tbiliside ýene protestlere garaşylýar
Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside parlamentiň täze saýlaw reformasyny ret etmegi sebäpli gahar-gazaba münen demonstrantlaryň täze protestleriniň fonunda, parlament binasynyň daşyna polisiýa ýerleşdirildi. Protestleriň guramaçylary 17-nji noýabrda Tbilisä müňlerçe adamy çekmegi maksat edinýärler. Olar kanunçykaryjylaryň geçen hepde beren seslerini yzyna almagyny gazanjak bolýarlar. 14-nji noýabrda parlamentde geçirilen ses berilişikde proporsional saýlaw ulgamyna geçmek baradaky taslama zerur bolan 113 sesi alyp bilmändigi üçin, ret edilipdi. Читать дальше...