ÝB liderleri uly göwrümdäki koronawirus kömek bukjasy barada ylalaşdylar
Ýewropa Bileleşiginiň liderleri gepleşikleriň dördünji gününde 750 milliard ýewro (860 milliard dollar) möçberindäki koronawirus ykdysady kömek bukjasy barada ylalaşdylar. Bu gepleşikler koronawirus pandemiýasyndan zyýan çeken ýurtlara kömek etmek üçin serişdeleriň paýlanyşy barada çekeleşikli boldy.
Brýusselde duşuşan ÝB liderleri koronawirus gaznasynyň wirusyň iň agyr zyýan çeken ýurtlaryna karzlar we grantlar hökmünde iberilmegi barada biragyzdan ylalaşdylar. Şeýle-de olar öňümizdäki ýedi ýyl üçin 1,1 trillion ýewro möçberindäki öň görlüp-eşidilmedik ÝB býujeti barada hem ylalaşdylar.
Sammit 17-nji iýulda başlady we iki gün dowam etmelidi, ýöne 27 agzaly bileleşik pandemiýa kömegi hem-de umumy býujet barada ylalaşyk gazanmaga synanyşýandygy sebäpli iki gezek uzaldyldy.
ÝB liderleri 20-nji iýulda giçlik dikeldiş gaznasyny düzmekde grantlaryň we karzlaryň paýy barada ylalaşmak bilen birnäçe päsgelçiliklerden birini aradan aýyrdylar diýip, diplomatlaryň birnäçesi aýtdy.