Türkmenistanyň at gazanan artisti, tanymal opera aýdymçysy Ysmaýyl Jumaýew aradan çykdy
17-nji iýul agşamy Aşgabatda Türkmenistanyň at gazanan artisti, opera aýdymçysy Ysmaýyl Jumaýew aradan çykdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berdi.
Jumaýew soňky gezek 1-nji maýda, Maýa Kulyýewanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsertde, 10-njy maýda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan konsertde we maýyň aýagynda Maýa Kulyýwa adyndaky Milli konserwatoriýanyň uçurymlarynyň konsertinde çykyş edipdi diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de neşir birnäçe çeşmäniň Jumaýewde koronawirus simptomlary ýüze çykdy diýendigini aýdýar.
“Turkmen.news” neşiri Ysmaýyl Jumaýewiň gysgaça terjimehalyny çap etdi: 1962-nji ýylda doglan Y.Jumaýew instituty tamamlap, Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işledi; Merkezi Aziýa we Gazagystan sebit konkursynyň laureaty (Gran-pri); N.Halmämmedow adyndaky halkara bäsleşiginiň laureaty (Gran-pri); Şalýapin (Kazan) adyndaky halkara bäsleşiginiň diplomanty; soňky ýyllarda Milli medeni merkezdäki Mukamlar köşgüniň orkestrinde solist bolup işledi.