Gyrgyz mejlisiniň öňki başlygy Mukar Çolponbaýew koronawirusdan aradan çykdy
Syýasy we jemgyýetçilik işgäri, Gyrgyzystanyň Ýokarky geňeşiň öňki spikeri, koronawirus ýokaşan Mukar Çolponbaýew 24-nji maýda respublikanyň ýokanç keseller hassahanasynda aradan çykdy.
Bu barada respublikanyň koronawirus garşy göreş boýunça operatiw merkezinde habar berildi.
Çolponbaýew 5-nji maýda keselhana ýerleşdirildi we 12-nji maýda reanimasiýa bölümine geçirildi. Ol emeli dem alyş enjamyna birikdirildi.
“Koronawirusyň fonunda onuň bedeninden birnäçe çylşyrymlaşma, ikitaraplaýyn pnewmoniýa we dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykdy. Şeýle hem onuň ýürek, böwrek we gan damarlary bilen bagly keselleri bardy" diýip, operatiw merkezde aýtdylar.
Çolponbaýew Gyrgyzystanda COVID-19-yň 15-nji pidasy boldy.
70 ýaşly Mukar Çolponbaýew 1995-1996-njy ýyllarda Ýokarky geňeşiň spikeri, Gyrgyzystanyň mejlisiniň öňki spikerleriniň jemgyýetçilik geňeşiniň agzasy boldy.