Berdimuhamedow Makarow bilen duşuşdy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert-hünärmeni, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, 19-njy fewralda geçirilen duşuşykda Makarow kompaniýanyň nebit-gaz pudagyndaky we Kaspiniň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat beripdir.
Mundan başga-da, duşuşykda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, şeýle-de 2026-njy ýylda şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdyr.
Makarow 3-nji uýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp Aşgabatda geçiriljek welosiped ýörişine, özüniň belli türgenlerden düzülen topary bilen gelmegi göz öňünde tutýandygyny hem aýdypdyr.