Bellingkat: Berlinde ozalky çeçen separatistine edilen hüjümiň arkasynda FSB dur
Derňewçi žurnalizm Bellingkat topary özüniň geçiren derňewiniň netijesinde 2019-njy ýylda ozalky separatist çeçen komandiriniň Berlinde öldürilmeginiň arkasynda Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) durandygynyň äşgär bolandygyny aýtdy.
Zelimhan Hangoşwili 23-nji awgustda gündiziň dowamynda Berliniň seýilgähleriniň birinde atylyp öldürilipdi.
Germaniýa delilleriň muny rus hökümetiniň ýa-da Çeçenistanyň resmileriniň görkezmesi esasynda amala aşyrylandygyny uly ähtimallyk bilen görkezýändigini aýdýar. Moskwa bu aýyplamalary inkär edýär.
Hangoşwiliniň öldürilmeginiň yzýany Berline Wadim Sokolow ady bilen syýahat eden şahsyýet saklandy. Ol Germaniýada adam öldürmek we bikanun ýarag daşamak aýyplamalary esasynda sud edilýär.
Dekabrda Bellingkat şübheliniň asyl adynyň Wadim Krasikowdygyny, şeýle-de onuň 2013-nji ýylda Moskwada rus telekeçisini öldürmekde hem aýyplanýandygyny aýtdy.