Dagystanda polisiýa aktiwistleriň öýlerinde, edaralarynda reýd geçirdi
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky Dagystan respublikasynda polisiýa öýdäki zorluklaryň pidalaryna hemaýat beren aktiwistleriň öýlerinde we edaralarynda gözleg geçirdi, diýip Human Rigths Watch guramasy 15-nji fewralda mälim etdi.
Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatyna görä, 13-nji fewralda polisiýa Hasawýurtda we respublikanyň paýtagty Mahaçgalada geçiren reýdiniň dowamynda kompýuterleri we beýleki elektroniki abzallary ele geçiripdir.
Polisiýa “Kanunçylyk inisiatiwasy” atly hökümete degişli bolmadyk gurama bilen ilteşikli adamlary nyşana aldy. Bu gurama Demirgazyk Kawkaz sebitinde hukuklary bozulan adamlara we öý zorlugynyň pidalaryna hemaýat berýär.
“Polisiýanyň bu bihaýa reýdleri Russiýada, hususanda Demirgazyk Kawkaz sebitinde hökümete degişli bolmadyk guramalaryň nähili aýylganç şertlerde işlemeli bolýandyklaryny görkezdi” diýip, Human Rigths Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.