Belarus rus tranzit geçirijisinden nebiti almak bilen haýbat atýar
Prezident Aleksandr Lukaşenka eger-de goňşy Russiýa nebiti gerekli mukdarda akdyrmasa, onda Belarusyň ýangyjy öz üstünden geçýän tranzit geçirijisinden alyp başlajakdygyny aýtdy. Bu barada döwletiň eýeçiligindäki BelTA gullugy habar berdi.
Minsk bilen Moskwanyň 2020-nji ýyl üçin nebit üpjünçiliginiň şertleri boýunça ylalaşmazlyklarynyň fonunda, Russiýa ýanwardan bäri Belarusa akdyrýan nebitini çäklendirip başlady.
Belarus Russiýa ýangyç we maliýe kömegi boýunça köp derejede garaşly bolup durýar.
14-nji fewralda Lukaşenka ýanwarda Russiýadan planlaşdyrylyşy ýaly 2 million tonna nebit däl-de, diňe 500 müň tonna gelendigini aýtdy.
“Eger-de Russiýa gerekli möçberde nebit bilen üpjün etmese, biz ony tranzit geçirijisinden alyp başlarys” diýip, Lukaşenka aýtdy.
Belarusyň üstünden geçýän “Družba” geçirijisi arkaly Ýewropa 1 million barrel töweregi rus nebiti akdyrylýar.
Moskwa has köp harby we ykdysady gatnaşyklaryny ilerletmek üçin Minske basyş edýär.
Moskwa we Minsk 1999-njy ýylda birleşdirilen döwlet döretmek şertnamasyna gol çekdi, emma bu meselede iki onýyllyk içinde uly bir öňegidişlik gazanylmady.